Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti “Grammy” dabarasyna goldaw haýyşy bilen ýüzlendi


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski norweg parlamentine ýüzlenýär. Oslo, 30-njy mart, 2022.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 3-nji aprelde Las Wegasda ýyldyzlaryň “Grammy Awards” dabarasynda garaşylmadyk wideo çykyşyny edip, halkara goldawyny haýyş etdi.

“Sazyň öňünde durup biljek näme bar?” diýip, Zelenski geçen ýylyň iň gowy aýdym-sazlaryna bagyşlanyp gurnalan dabara gatnaşýanlara iňlis dilinde ýüzlendi. “Weýran edilen şäherleriň we öldürilen adamlaryň dymyşlygy. Bu dymyşlygy aýdym-sazyňyz bilen dolduryň. Şu gün dolduryň, biziň ýagdaýymyzy gürrüň beriň. Biz üçin näme edip bilýän bolsaňyz edip goldaň” diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

Onuň ýüzlenmesi Jon Legendiň ukrain sazandalarynyň saz çalmagynda aýdan “Azat et” aýdymy we ukrain şahyry Lýubow Ýakymçugyň goşgy okamagy bilen alnyp göterildi.

44 ýaşly Zelenski 24-nji fewralda Russiýa Ukraina goşun süreli bäri goldaw üçin ABŞ Kongresine, ýapon, britan, awstraliýa parlamentlerine, Yzraýylyň knessetine we beýlekilere, Ukraina harby we ykdysady kömek bermekleri, Russiýa garşy jezalandyryjy sanksiýalaryň girizilmegi üçin, goldaw haýyşy bilen ýüz tutdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG