Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Russiýanyň Ukrainanyň gündogarynda we günortasynda uly hüjüme taýýarlanýandygyny aýdýar


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan rus güýçleriniň Kiýewiň golaýynda duçar bolan garaşylmadyk garşylygyndan soň, Ukrainanyň gündogar we günorta sebitlerinde güýç jemleýändigini aýtdy.

"Häzirki pursatda biz Russiýanyň ýurt topraklarynyň köp bölegine göz dikmän, esasy ünsüni Ukrainanyň gündogar we günorta böleklerine jemlemek üçin, öz harby maksatlaryna gaýtadan seredýändigine ynanýarys" diýip, Salliwan 4-nji aprelde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Görnüşinden, maksat bu sebitdäki ukrain güýçlerini "gabap, ysgyndan gaçyrmakdan" ybarat diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, ABŞ rus harby güýçleriniň günortadaky Herson şäherini we gündogarda Harkowy saklamak üçin elden gelenini etmegine garaşýar.

Ýöne Salliwan rus güýçleriniň Kiýewiň töweregindäki ýerlerden yza çekilmegini hakykatdan hem yza çekilmek hökmünde häsiýetlendirdi we olaryň bu ýerdäki maksatlaryna ýetmändiklerini aýtdy.

Ol ABŞ-nyň Ukrainany harby we ynsanperwer kömekleri bilen goldamagyny dowam etdirjekdigini hem nygtady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG