Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: 'Putin uruş jenaýatlary üçin sud jogapkärçiligine çekilmeli'


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 4-nji aprelde, rus goşunlarynyň eden uruş jenaýalaryny seljermek boýunça, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine garşy kazyýet işiniň başlanmagyna çagyrdy we Moskwanyň garşysyna goşmaça sanksiýalaryň girizilmegini gazanmaga çalyşjakdygyny aýtdy diýip, AP habar berýär.

"Buçada bolup geçen zatlar örän elhenç we muny hemmeler görýär" diýmek bilen, Baýden Putini “uruş jenaýatkäri” diýip atlandyrdy.

Amerikan prezidentiniň bu sözleri Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň rus goşunlary çekilenden soň Buça şäherine baryp görmeginiň yz ýanyndan aýdyldy. Bu şäherde rus güýçleri tarapyndan öldürilen we köpçülik mazarlarynda jaýlanan, köçelerde ýatan onlarça parahat adamyň jesedi tapyldy.

Emma Baýden Zelenskiniň bu bolan waka beren bahasy bilen razylaşmady, žurnalistleriň “bolan zady genosid diýip hasaplaýarsyňyzmy?” diýen soragyna “ýok” diýip jogap berdi.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen birinji gün twitterde Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina derňewçileri iberjekdigini, olaryň ýurduň baş prokuraturasyna "uruş jenaýatlaryny dokumentleşdirmekde” kömek, ýardam berjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG