Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, ýaranlar Putiniň 'uruş sandygyny' gowzatmak üçin täze sanksiýalary girizer


Russiýanyň Ukraina goşun sürmegine garşy guralan protest wagtynda. Waşington, 6-njy mart, 2022

Moskwanyň Ukrainadaky parahat ilata eden hüjümlerine jeza hökmünde, Russiýanyň ykdysady we tehnologiki izolýasiýasyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Birleşen Ştatlar we onuň ýewroplay ýaranlary 6-njy aprelde Russiýa garşy täze sanksiýalar toplumyny girizer.

Bilelikde görüljek çäre Russiýanyň maliýe guramalaryna garşy giriziljek täze sanksiýalary we Russiýa täze goýuljak maýa goýumlarynyň gadagançylygyny öz içine alar.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki esasy maksadyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini urşy dowam etdirmek üçin zerur bolan serişdelerden mahrum etmekden ybaratdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi rus hökümetiniň karz tölegleriniň amerikan maliýe guramalarynyň hasaplaryndan ABŞ dollar arkaly tölenmeginiň öňüni baglap, Russiýanyň maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmegini kynlaşdyrmak çäresini gördi.

Angliýa şu wagta çenli Putiniň "uruş sandygyna" degişli 350 milliard dollarlyk emlägi doňduryp, Russiýanyň walýuta ätiýaçlyklarynyň 60 göteriminden gowragyny elýetersiz etdi.

ÝB öz yglan eden bäşinji tapgyr gadaganlyklarynyň Moskwanyň nebit we kömür eksportyny nyşana alýan, rus gämilerini ýewropa portlaryna goýbermeýän çärelerden ybarat boljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG