Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident täze geňeçilerini belledi, iki wise-premýere berk käýinç we käýinç yglan etdi


Türkmenistanyň "Ýaşlyk" döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň oba hojalyk we nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçilerini wezipä belledi. Şeýle-de, ol bir wise-premýere berk we beýlekisine käýinç yglan etdi.

8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet baştutany ýygnananlary ýurduň hökümetiniň täze düzüminiň tassyklanylmagy bilen gutlady we onuň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemledi.

TDH-nyň habaryna görä, mejlisde Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň prezidentiniň oba hojalyk we Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow beýlekiler bilen bir hatarda, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça ösüş sanlaryny yglan etdi.

Muňa garamazdan, prezident wise-premýere berk käýinç yglan etdi we "ýol berlen kemçiliklerini" gysga wagtyň içinde düzetmegi duýdurdy. Döwlet baştutany Abrahmanowa berk käýinjiň onuň "şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän toplumlarynyň işinde goýberen kemçilikler üçin" berlendigini aýtdy. Ýöne bu kemçilikleriň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady.

Muňa garamazdan, prezident bu käýinji yglan etmezden öň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça hem "işleri has depginli alyp barmak meseleleriniň wajypdygyna" ünsi çekdi.

Bellesek, prezidentiň bu belligi, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýene yza süýşürilýändigi barada geçen aýyň başynda peýda bolan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Mejlisde "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" diýlen kesgitleme esasynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe hem käýinç yglan edildi. Kaýinjiň öňüsyrasynda, Orazgeldiýew hem ýurduň obasenagat toplumynda gazanylan ösüş sanlary barada hasabat berdi.

Resmi habardan çen tutulsa, hökümet mejlisinde ýurduň döwlet dükanlarynda dowam edýän azyk gytçylygy, olaryň öňündäki nobatlar, bazarlarda ýokarlanýan bahalar barada hiç zat aýdylmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG