Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britan premýeri Jonson Kiýewe sapar edip, ýurt goragçylaryny öwdi, goşmaça kömek wada berdi


Britan premýer-ministri Boris Jonson ukrain prezidenti Wolodimir Zelenski bilen görüşmek üçin Kiýewe sapar etdi.

Rus güýçleriniň Ukrainanyň gündogarynda edip biljek täze hüjümleri babatdaky howatyrlanmalaryň ýokarlanýan wagtynda, britan premýer-ministri Boris Jonson ukrain prezidenti Wolodimir Zelenski bilen görüşmek üçin Kiýewe duýdansyz sapar etdi.

Premýer-ministriň edarasy bu sapary "raýdaşlyk görkezmek” bilen düşündirdi. Habar serişdeleri onuň Zelenski bilen Kiýewiň köçelerinden ýöräp, şäher ilaty bilen salamlaşyşyny görkezdi.

9-njy aprelde geçirilen metbugat ýygnagynda Zelenski bilen egin deňläp gürlän Jonson Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky hereketleri, şol sanda parahat ilata edilen ganly hüjümler bilen öz abraýyny-da, Russiýanyň abraýyny-da zaýalandygyny aýtdy.

"Putiniň Buça we Irpin ýaly ýerlerde eden işi uruş jenaýatlary bolup durýar we olar onuň öz abraýyny-da, onuň hökümetiniň abraýyny hem hemişelik hapalady" diýip, Jonson aýtdy.

Jonson ukrain lideri bilen duşuşyk wagtynda ukrain harbylarynyň we asuda ilatyň ýurt goramakda edýän işlerine ýokary baha berip, öz ýurdunyň Kiýewi ýene 120 sany sowutly ulag, gämä garşy raketalar bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG