Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus güýçleri ewakuasiýadan öň Luhansk şäherini, Dnipro sebitlerini topa tutýar


Luhansk regiony.

Rus güýçleri 10-njy aprelde, irden Ukrainanyň Luhansk we Dnipro sebitlerini topa tutup, birnäçä binany urdular diýip, ukrain resmileri aýtdy. Merkezi Dnipro şäherinde urlan binada bir adam ýaralandy diýip, sebitiň häkimi Walentin Rezniçenko aýtdy.

Sebit häkimi top oklarynyň ýangyna sebäp bolandygyny, ýöne olaryň ahyrynda öçürilendigini hem sözüne goşdy.

Daşy gabalan Luhansk sebitiniň Siýewerodonetsk şäherinde bir mekdep we beýik gatly jaý topa tutuldy diýip, sebit gubernatory Serhiý Haýdaý telegram habarynda ýazdy. "bagtymyza, pida bolan ýok“ diýip, ol aýtdy.

Bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

Şeýle-de gubernator Luhansk sebitiniň ilatynyň 10-njy aprelde bu ýerden çykmagy üçin dokuz otlynyň berilmelidigini aýtdy.

Ukrain resmileriniň habar bermegine görä, soňky günlerde top atyşlyk gürelýär we bu ýere gelýän rus güýçleriniň sany köpelýär.

Ol ýaşaýjylaryň takmynan 30 göteriminiň şindem sebitdäki şäherlerde we obalarda galýandygyny, olaryň ewakuasiýa edilmeginiň haýyş edilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG