Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düýpli ýitgi çeken Russiýa goşundaky esger sanyny dikeltmäge çalyşýar


Ukrain esgeri weýran edilen rus tanklarynyň ýanyndan tapylan zatlary görkezýär.

Moskwanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşunda çekýän ýitgileriniň köpelmegi bilen, 2012-nji ýyldan bäri harby gullukdan boşadylan harby gullukçylary gulluga çagyryp, Russiýa ýaragly güýçleriniň hatarlaryny güýçlendirmäge çalyşýar diýip, britan aňtaw gullugy 10-njy aprelde habar berdi.

Rus güýçleriniň söweş meýdanyndaky kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar Moldowanyň bölünip aýrylan Transdniester sebitinden esger toplamak synanyşygyny hem öz içine alýar diýip, Goranmak ministrliginiň çap eden habarynda aýdylýar.

Kreml geçen hepde Russiýanyň Ukrainada geçirýän “ýörite operasiýasy” döwründe "düýpli” goşun ýitgisini çekendigini ilkinji gezek boýun aldy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 8-nji aprelde Angliýanyň "Sky“ teleýaýlymyna beren interwýusynda ölenleriň sanynyň köpelmeginden söz açyp: "Biziň goşunda ýitiren adamlarymyz köp we bu biziň üçin ullakan betbagtçylyk“ diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG