Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa uruş serkerdesini täzeledi, Ukraina Moskwanyň uly hüjümine taýýarlanýar


 Donbas görnüşi
Donbas görnüşi

Russiýanyň ot açyş kuwwatyny artdyrmagy we Ukrainanyň gündogarynda çaklanylýan aýgytly çaknyşygyň öňüsyrasynda bu kampaniýa täze general bellemegi bilen, ukrain güýçleri garym gazýarlar, hünärmenler bu ýerdäki giň göwrümli hüjümiň birnäçe gün içinde başlanmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

“Maxar Technologies” kompaniýasynyň 10-njy aprelde çap eden hemra suratlaryndan görnüşine görä, Kremliň öz söweş güýçlerini ýurduň gündogaryna gönükdirmegi bilen, 13 km aralyga uzaýan harby kerwen Ukrainanyň günortasyndaky Donbas sebitini nazarlaýar. Bu kerweniň rus güýçleriniň gözegçiligi astyndaky Izýuma, Ukrainanyň Harkow sebitindäki şähere tarap ugur alan bolmagy hem mümkin.

Iň aldym-berdimli söweşleriň barýan ýeri bolan Izýum Donetsk we Luhansk sebitleri bilen serhediň golaýynda ýerleşýär. Russiýa ýurduň beýleki sebitlerinde, şol sanda Kiýewiň we Sumynyň töwereklerinde berk garşylyga duçar bolanyndan soň, öz güýjüni Ukrainanyň gündogar sebitlerine, Luhansk we Donetsk şäherlerini öz içine alýan Donbasa garşy hüjüm etmek üçin jemleýär.

Kreml çak edilýän hüjümiň öňüsyrasynda bu urşa serkerdelik etmegi goşun generaly Aleksandr Dwornikowa tabşyrdy, ol ozal rus goşunlarynyň günortadaky harby bölümlerine ýolbaşçylyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG