Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Gara deňizdäki uruş gämisine düýpli zyýan ýetdi


Geçen aý Ukraina  Russiýanyň Azow deňzinde ýerleşýän “Orsk” desantçy gämisini hatardan çykarandygyny aýtdy.
Geçen aý Ukraina  Russiýanyň Azow deňzinde ýerleşýän “Orsk” desantçy gämisini hatardan çykarandygyny aýtdy.

Russiýa 14-nji aprelde Gara deňiz flotundaky uruş gämisine düýpli zyýan ýetendigini, onuň ekipažynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy, ukrain resmileri gämidäki partlama raketa zarbasynyň sebäp bolandygyny öňe sürdüler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi “Moskwa” raketa kreýserinde turan ýangyna ok-däri partlamasynyň sebäp bolandygyny aýtdy diýip, "Interfaks" habar gullugy habar berdi. Emma habarda ok-däriniň näme sebäpden partlandygy aýdylmady.

Emma ýangyn, Gara deňziň Odesa portunyň töweregindäki sebitiň häkimi Maksim Marçenkonyň aýtmagyna görä, “Moskwa” gämisiniň Ukrainada öndürilen ganatly raketalar, “Neptun” bilen urulmagy netijesinde döräpdir.

"Gara deňzi goraýan “Neptun” raketalary örän uly zyýan ýetirdi" diýip, ol telegramda çap edilen ýazgysynda aýtdy.

Ukrain prezidentiniň geňeşçisi Oleksiý Arestowiç “Moskwa” gämisinde "garaşylmadyk ýagdaýyň bolandygyny" aýtdy. "Ol burugsap ýanýar. Edil häzir. Onsoň bu gaý-tupanly deňizde olaryň kömek alyp biljekdigi ýa däldigi belli däl" diýip, ol YouTube çykyşynda aýtdy.

“Moskwa” Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşunda uly zyýan çeken ikinji uly gämisi bolýar. Geçen aý Ukraina Russiýanyň Azow deňzinde ýerleşýän “Orsk” desantçy gämisini hatardan çykarandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG