Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk Mariupoldaky we beýleki birnäçe şäherdäki asuda adamlary ewakuasiýa etmek üçin Russiýa bilen dokuz sany gumanitar koridory açmak ylalaşygynyň baglaşylandygyny aýdýar.
Wereşçugyň telegramda ýerleşdirilen beýanatynda aýdylmagyna görä, 14-nji aprelde Berdýanskdan, Tokmakdan we Enerhodardan çykjak adamlara ýol açylar, gündogar Luhansk sebitindäki gumanitar koridorlar bolsa, diňe basyp alyjy rus güýçleri top atmagy bes eden halatynda hereket eder.
Ukraina Mariupolda on müňlerçe adamyň öldürilendigine ynanýandygyny aýdýar we Russiýany şäheriň içinde hepdeläp gabawda oturan asuda ilata beriljek kömegiň öňüni baglamakda aýyplaýar.
Ukrain häkimiýetleri ýurduň gündogar bölegindäki parahat ilaty, rus güýçleriniň ýakyn wagtda etmegine garaşylýan hüjümlerinden öň, ýaşaýan ýerlerinden gitmäge çagyrdy.