Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ukrain deňizçilerini ýesir alandygyny aýdýar, ABŞ Kiýewe goşmaça harby kömek berýär


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukraina beriljek täze harby kömegi tassyklady, umumy bahasy 800 million dollar bolan goşmaça kömek dikuçarlary, artilleriýany, ok-därileri we beýleki ýaraglary öz içine alýar.

Baýden 13-nji aprelde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen geçiren söhbetdeşliginden we Russiýa Mariupolda 1000-den gowrak ukrain deňizçisini ýesir alandygyny aýdanyndan soň täze kömek bukjasyny yglan etdi.

Baýden bu kömek bukjasynyň Ukraina eýýäm berlen “ýokary derejede täsirli ýarag ulgamlary” bilen bir hatarda, Russiýanyň gündogar Ukrainada etmekçi bolýan has giň gerimli hüjümlerine uýgunlaşdyrylan “täze mümkinçilikleri hem öz içine alýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň Ukraina ýaranlar we dünýäniň beýleki ýurtlary tarapyndan berilýän ýaraglary geçirmek işinde berýän ýardamyny hem dowam etdirjekdigini belledi.

Russiýa Mariupolda ukrain deňizçilerini ýesir almagyndan başga, bu portuň gözegçiligini hem ele geçirendigini aýtdy.

Ukrain resmileri deňizçi esgerleriň tabyn bolandygyny ne tassyklap, ne-de inkär edip biljekdiklerini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG