Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň esasy uruş gämisi batdy, Zelenski ildeşleriniň aýgytlylygyny öwýär


"Moskwa" uzak aralyga ýetýän ganatly raketalaryň 16 sanysyny göterip bilýärdi.
"Moskwa" uzak aralyga ýetýän ganatly raketalaryň 16 sanysyny göterip bilýärdi.

Russiýanyň Gara deňiz flotundaky baş gämisini ýitirip, simwoliki ýeňlişe sezewar bolmagy bilen, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öz halkyny fewral aýynda başlanan rus çozuşyndan bäri “öz ömürlerinde gelen iň möhüm kararlaryna – söweşmek kararyna” gelmekde görkezen aýgytlylyklary üçin öwdi.

Zelenski 14-nji aprelde ukrainalylara ýüzlenip, basybalyjylar “köp bolanda bize bäş gün möhlet bereninden” soň, olaryň rus çozuşyna 50 gün hötde gelip bilendiklerine buýsanmalydygyny aýtdy.

Zelenski Russiýanyň Gara deňiz flotundaky baş gämisiniň, raketa kreýseri “Moskwanyň” jedelli ýagdaýda agyr zyýan çekip, suwa batmagyny nazara alyp, “olaryň Russiýanyň uruş gämileriniň aňyrrakda ýüzmelidigini, hatda deňziň düýbüne gitmelidigini görkezip bilendigini” nygtady.

Russiýanyň Goranmak ministrligi içinde dörän ýagyndan agyr zyýan çeken gäminiň gaý-tupan içinde porta tarap çekilýän wagtynda çökendigini aýtdy. Ukrain resmileri öz güýçleriniň bu gämini bir gün öň gämä gärşy ulanylýan “Neptun” raketalary bilen urandygyny aýtdylar.

Gämi ýitgisi Russiýanyň deňiz flotynyň ukrain şäherlerini Gara deňide duran ýerlerinden, bu ýurda garşy başlanan çozuşyň çäginde, tas 50 gün bäri bombalamagynyň yz ýanyna gabat geldi

Ýerli metbugatyň habaryna görä, 15-nji aprelde Kiýewde güýçli partlamalar eşidildi we gündogardaky söweşler güýçlendi. Günortadaky Harkow şäherinde, Ukrainanyň günbataryndaky Iwano-Frankiwskde, günortadaky Herson şäherinde-de partlamalar eşidildi.

Ukrain häkimiýetleri rus güýçleriniň ýakyn wagtda ýurduň gündogar böleginde has gerimli hüjüme geçmegine garaşýarlar.

XS
SM
MD
LG