Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

CIA: Russiýanyň ýadro ýaragyny ulanmak ähtimallygy howpuna 'ýüzleý garap' bolmaz


Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA)  başlygy William Burns

Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) başlygy William Burns Russiýanyň Ukrainada ýadro ýaragyny ulanmak ähtimallygyna ýüzleý seredip bolmajakdygyny, ýöne agentligiň häzire çenli bu aladany tassyklaýan ýeterlik subutnama görmändigini aýtdy.

"Prezident Putiniň we Russiýanyň ýolbaşçylarynyň mümkin bolan lapykeçliklerini, olaryň şu wagta çenli harby meselede uçran şowzuzlyklaryny nazar alanyňda, biziň hiç birimiz taktiki ýadro ýaragynyň ýa-da pesräk kuwwatly ýadro ýaragynyň ulanylmak ähtimallygy babatda abanýan howpa ýüzleý garap bilmeris” diýip, Burns 14-nji aprelde eden çykyşynda aýtdy.

Burns prezident Wladimir Putiniň rus güýçleriniň agyr ýitgi çekip, Kiýewi almagy başarman, Ukrainanyň demirgazygyndaky ýerleriň käbrinden yza çekilmäge mejbur bolmagy sebäpli uçrap biljek “potensial lapykeçligi” hakynda gürrüň etdi.

Şol sebäplere görä, "taktiki ýadro ýaraglarynyň ýa-da pesräk öndürijilikli ýadro ýaraglarynyň ulanylmak ähtimallygyndan abanýan howpa biziň hiç birimiz ýüzleý garap bilmeris" diýip, Burns belledi.

Kreml 24-nji fewralda Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşundan gysga wagt soň Russiýanyň ýadro güýçlerini ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirendigini aýtdy, emma Birleşen Ştatlar bu ugurda has kän alada döretjek hakyky “praktiki subutnamalar toplumyny” görmedi diýip, Burns Jorjia Tehnologiýa uniwersitetiniň studentleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG