Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygynyň tussaglygy uzaldyldy


Karim Masimow

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy Karim Masimowyň tussagda saklanmak möhleti 6-njy maýa çenli uzaldyldy diýip, ýerli metbugat habar berýär.

Şeýle-de, Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň öňki orunbasarlary Anuar Sadykulowyň we Daulet Ýergožiniň tussag astynda saklanmaly möhletleri degişlilikde 6-njy we 8-nji maýa çenli uzaldyldy diýip, habarlarda aýdylýar.

56 ýaşyna çenli Gazagystanyň hökümetine iki gezek ýolbaşçylyk eden, MHK-nyň öňki başlygy Masimow "döwlete dönüklik" etmekde aýyplanýar.

6-njy ýanwarda, Gazagystanda bolan halk gozgalaňlarynyň ganly çaknyşyklara getirmeginiň yz ýanynda MHK-nyň başlygy wezipesinden aýrylan Masimowyň tussag edilendigini gazak häkimiýetleri habar berdi.

Karim Masimow köp ýyllap öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň "ynamdar" adamy boldy. Onuň jenaýat işiniň "doly gizlinlik" ýagdaýynda derňelýändigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG