Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada "Putiniň gudasy" diýilip tanalýan Medwedçuk girew goýmak hukugy berilmezden tussag edildi


Wiktor Medwedçuk
Wiktor Medwedçuk

Lwowyň sudy ukrain syýasatçysy Wiktor Medwedçugy girew goýmak hukugy berilmezden tussag etdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Medwedçuk dönüklikde aýyplanypdy. Derňewçiler syýasatçynyň "DNR" we "LNR" diýlip atlandyrylýan sebitlerden kömüriň bikanun getirilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Ukrainanyň Baş prokuraturasy Medwedçugyň Moskwa bilen gatnaşyklarynyň 2014-2015-nji ýyllarda ýurduň ykdysady howpsuzlygyna zyýan ýetirendigini öňe sürdi.

Ýanwar aýynda syýasatçy öý tussaglygynda saklandy we 26-njy ýanwarda derňewçiler onuň gaçandygyny anykladylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 12-nji aprelde gaçgak syýasatçynyň tussag edilendigini habar berdi.

Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy Iwan Bakanow, Medwedçugyň öz özüni yglan eden Prednestrowýä gizlinlikde göçmek isländigini, emma Ukrainanyň ýörite gullugynyň onuň bu planlaryny puja çykarandygyny aýtdy. Zelenskiý rus häkimiýetlerine Medwedçugy tussag edilen ukrain esgerlerine çalyşmagy teklip etdi. Kreml ukrain syýasatçysynyň Russiýanyň raýaty däldigini we onuň harby operasiýa gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

"Durmuş ugrundaky oppozision platformasy" atly toparyň ýolbaşçylaryndan biri bolan Medwedçuk resmi taýdan ukrain parlamenti Werhowna Radanyň agzasy bolmagynda galýar. Onuň Wladimir Putin bilen dostlukly gatnaşyklary belli.

XS
SM
MD
LG