Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaagadaky Halkara Jenaýat sudy Ukrainadaky harby jenaýatlaryny derňeýär


Karim Han, Gaagadaky Halkara Jenaýat sudunyň baş prokurory
Karim Han, Gaagadaky Halkara Jenaýat sudunyň baş prokurory

Ukrainadaky uruş jenaýatlaryny derňeýän Gaagadaky Halkara Jenaýat sudy rus tarapy bilen hyzmatdaşlyga synanyşar. Muny suduň baş prokurory Karim Han Kiýewde geçirlen metbugat ýygnagynda aýtdy. Bu, Karim Hanyň Ukraina ikinji saparydyr. Bu gezek ol bilermenler topary bilen bilelikde rus goşunynyň terk eden Buça we Borodýanka özi baryp gördi.

Karim Han Ukrainany jenaýatyň bolan ýeri diýip atlandyrdy we hakykaty tapmagy wada berdi. "Halkara Jenaýat sudunyň garamagy astyna düşýän jenaýatlaryň edilýändigine derňemek üçin ýeterlik esaslar bar. Hakykata ýetmek üçin uruş dumanyny böwsüp geçmeli "- diýip, Gaagadaky Halkara Jenaýat sudunyň baş prokurory Karim Han aýtdy. Şeýle-de Karim Han diri galanlar we ölenleriň maşgalalary "adalaty dikeltmek baradaky umumy tagallalarymyzda doly hyzmatdaş bolarlar" diýdi.

Mart aýynyň başynda Halkara Jenaýat sudunyň baş prokurory Karim Han Russiýanyň soňky ýyllarda Ukrainada edendigi bolup biläýjek uruş jenaýatlary boýunça derňewiň başlanandygyny habar berdi. ABŞ we Russiýa Halkara Jenaýat sudunyň agzalary däl.

ABŞ-nyň Ukrainadaky wekili Kristina Kuin Ukrainadaky rus goşunlarynyň Ikinji jahan urşundan bäri iň agyr jenaýatlary edýändigini aýtdy. “Kramatorsk demir ýol menziline edilen zarba Buçadaky gyrgynçylygyň, Mariupoldaky weýrançylygyň Putiniň jogapkärdigini bütin dünýä bilýär. Prezident Putiniň we bu söweş jenaýatlaryna gatnaşanlaryň hemmesiniň jogapkärçilige çekilmegi üçin halkara sistemasynda elimizden gelenini ederis" - diýip, Kuin ukrain metbugatyna beren interwýusynda nygtady.

4-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus goşunynyň eden jenaýatlary üçin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine garşy kazyýet işine çagyryş berdi we bu ýurda garşy goşmaça sanksiýalar gözlejekdigini aýtdy. Amerikanyň prezidentiniň bu sözleri, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň rus goşunynyň gideninden soň parahat ilatyň ençeme jesedi tapylan Buça şäherine baryp görmeginiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG