Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň paýtagtynda, beýleki şäherlerinde partlama sesleri eşidildi, Lwowda 6 adam öldürildi


Bezag suraty

Ukrain resmileri we habar beriş serişdeleri 18-nji aprelde, rus hüjümleriniň dowam etmegi bilen, paýtagt Kiýewde, Lwowda we Dnipropetrowsk sebitlerinde birnäçe partlamanyň bolandygyny, Lwowda azyndan alty adamyň öldürilendigini habar berdiler.

“Suspilne” neşiriniň maglumatyna görä, Dnipropetrowsk hüjüminde iki adam ýaralandy.

Lwowyň häkimi Andriý Sadowiý Ukrainanyň günbataryndaky şähere bäş sany “güýçli” raketa zarbasynyň urlandygyny aýtdy.

Lwow şäheriniň ýaşaýjysy AFP habar gullugyna köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň käbiriniň ýokarsynda goýy tüsseleriň görnendigini aýtdy.

Häkim Telegramda bu ýere halas ediş işgärleriniň barandygyny ýazdy. “Roýters” habar gullugy Kiýewde, Dnepr derýasynyň çep kenarynda birnäçe partlamanyň bolandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň öten agşam 100-den gowrak nyşana zarba urandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG