Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Gündogar Ukrainada hüjümini güýçlendirip, Mariupolyň boýun egmegini talap etdi


Mariupol şäheri

Russiýa Ukrainanyň gündogar sebitlerine hüjümlerini güýçlendiren wagty gabawdaky port şäheri Mariupoldaky senagat toplumynda ýerleşdirilen ukrain goragçylarynyň boýun egmegi üçin täze ultimatum çykardy. Bu aralykda Günbatar hökümetleri Utaina agyr artilleriýa ibermek we agressora garşy has köp sanksiýa girizmek üçin iş alyp barjakdygyny aýtdylar.

"Russiýanyň ýaragly güýçleri diňe ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, milletçi batalýonlaryň we daşary ýurtly hakyna tutulan söweşijileriň 20-nji aprelde Moskwanyň wagty bilen sagat 14:00-den başlap, ýarag taşlamagyny teklip edýär" - diýlip, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Ukrain goşuny 20-nji aprelde ir bilen rus goşunlarynyň Mariupolda ukrain goşunlarynyň we parahat ilatyň ýerleşýän ýerleri "Azowstal"polat zawodyna hüjümlerini dowam etdirýändigini aýtdy.

Ukrainaly bir serkerde, "Azowstaly" goraýan deňiz güýçlerine "diňe birnäçe sagadyň, bolmasa birnäçe günüň galan bolmagynyň mümkindigini" aýdyp, kömek sorap ýüzlendi. "Duşman san taýdan bizden 10 esse köp" -diýip, 36-njy aýratyn deňiz brigadasyndan Serhiý Wolyna aýtdy.

Portuň ele salynmagy, Russiýa tarapyndan goldanýan separatist gündogar Ukrainanyň bölekleriniň we Russiýanyň 2014-nji ýylda anneksiýa eden Krym ýarym adasynyň arasynda gury ýer köprüsini emele getirer.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG