Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatorlary Serbiýanyň prezidentini Russiýa garşy sanksiýa girizmäge çagyrýarlar


Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç (çep tarapdan ortada) 19-njy aprelde Belgradda ABŞ senatorlary Tom Tillis (sag tarapdan birinji), Kris Merfi (sagdan ikinji) we Jeane Şahin (sagdan üçünji) bilen gürleşýär. 2022
Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç (çep tarapdan ortada) 19-njy aprelde Belgradda ABŞ senatorlary Tom Tillis (sag tarapdan birinji), Kris Merfi (sagdan ikinji) we Jeane Şahin (sagdan üçünji) bilen gürleşýär. 2022

Belgrada baran ABŞ Senatynyň resmi topary Serbiýany Günbatar demokratiýalaryna goşulyp, Ukrainany basyp almaga synanyşýan Russiýa garşy girizilen sanksiýalary goldamaga çagyrdy.

Üç agzaly delegasiýa 19-njy aprelde Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç bilen duşuşdy we Serbiýanyň öz daşary syýasatyny Ýewropa Bileleşigi bilen sazlaşdyrmalydygyny aýtdy.

Senator Kris Merfi (Demokrat-Konnektikut) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Serbiýanyň Russiýa bilen uzak medeni we ykdysady taryhynyň bardygyna düşünýändigini aýtdy, emma “biz demokratik jemgyýet hökmünde Russiýanyň Ukrainada özüni alyp barşynyň netijeleri barada bütewi bir habar ýollamasak, bu howp abandyrýan pursat bolar" diýdi.

Merfi metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Waşingtonyň Serbiýa bilen bilelikde “ýakyn hepdelerde we aýlarda Russiýa anyk habar berip biljegine” umyt edýändigini aýtdy.

Şeýle-de, senator Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Serbiýa ÝB agza bolmak ýolunda goldaw bermegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Resmi toparyndaky beýleki kanun çykaryjylaryň biri senator Jeane Şahin (Demokrat-Nýu-Hempşir) Wuçiçiň Serbiýanyň geljegi Ýewropa bilen bolar diýip aýdandygyny mälim etdi.

Şahiniň sözlerine görä, resmi topar Serbiýanyň niýeti şeýle bolsa onuň "häzirki wagtda ÝB tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasata hökman seretmeginiň möhümdigini" belläpdir.

XS
SM
MD
LG