Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain resmisi Mariupoldan dört awtobus adamyň çykarylandygyny aýtdy


Maripoldan çykmaga çalyşýan adamlar
Maripoldan çykmaga çalyşýan adamlar

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk Azow deňziniň boýundaky port şäherinde, ukrain goragçylarynyň we asuda adamlaryň “Azowstal” senagat toplumyna gabalan ýaşaýjylary göçürýän dört awtobusyň Mariupoldan çykandygyny aýtdy.

"Düýn dört sany ewakuasiýa awtobusy gumanitar koridor arkaly şäherden çykmagy başardy" diýip, wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşuk Telegramda beren beýanatynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, aýallary, çagalary we garrylary ewakuasiýa etmek işleri 21-nji aprelde hem dowam etdiriler.

Şäherden çykyp bilmän galan 100,000 çemesi raýatdan 6000 töweregi adamyň 20-nji aprelde, 90 awtobusda şäherden çykarylmagyna garaşylýardy, emma hakykatda alnyp çykylan adamlaryň sany has az boldy.

Wereşçuk 20-nji aprelde ynsanperwerlik koridoryny dogry-düzüw gurup bolmazlygynyň sebäbini rus güýçleriniň "guramaçylyksyzlygy we geleňsizligi" bilen düşündirdi.

Mariupoldan parahat ilatyň ewakuasiýa edilmegi üçin ygtybarly koridor döretmek barada baglaşylan soňky ylalaşyk 5-nji martda bozuldy. Şondan bäri ynsanperwer koridoryny döretmek üçin edilen synanyşyklar gaýta-gaýta puç boldy we taraplar bir-birini günäkärledi.

XS
SM
MD
LG