ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Birleşen Ştatlaryň Ukraina, rus güýçleriniň Donbas sebitindäki hüjümlerinden goranmagyna kömek etmek üçin, ýene 800 million dollar harby goldaw iberjekdigini aýtdy.
Baýden bu ýaraglaryň, sebitdäki rus basybalyjylygyna garşy göreşýän batyr ukrain güýçlerine we parahat ilata goldaw bermek üçin, “azatlygy goramagyň öň hatarlaryna göni” iberiljekdigini aýtdy.
Kömek bukjasyna artilleriýa, howitserler we pilotsyz uçarlar ýaly agyr ýaraglar girýär we olar şu aýyň başynda tassyklanan 800 million dollarlyk kömegiň üstüni ýetirýär.
Şeýle-de, Birleşen Ştatlar ukrain güýçleri bilen öz wagtynda aňtaw habarlaryny alyşmagy dowam etdirer we dünýäniň beýleki ýerlerindäki ýaranlaryndan we hyzmatdaşlaryndan ýarag iberilmegine ýardam eder.
Şeýle-de Baýden ABŞ-nyň Ukraina ýurduň ykdysadyýetini durnuklaşdyrmak üçin berjek göni ykdysady kömeginiň 500 million dollar boljakdygyny yglan etdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.