Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mariupolyň golaýyndaky obada uzynlygy 300 metr bolan köpçülik mazary tapyldy


Hemra suraty

Hemra arkaly alnan suratlar Mariupoldan 20 km uzaklykda ýerleşýän Manguş obasynda köpçülikleýin mazara meňzeýän 300 metr uzynlykdaky çukury görkezýär. Bu oba rus güýçleri tarapyndan basylyp alyndy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugynyň "Shemalar" taslamasynyň žurnalistleri bu habary köpçülikleýin mazar bolup görünýän ýeri görkezýän hemra suratlaryna salgylanyp çap etdiler.

Mundan ozal Mariupolyň häkimi Wadim Boýçenko hem Manguş obasynyň golaýyndaky köpçülikleýin mazarçylyk barada habar beripdi. Onuň sözlerine görä, "Mariupolyň ýaşaýjylarynyň jesetleri bu ýere ýük awtoulaglary bilen getirilýär we garymlara taşlanýar".

Hemra suratlaryndan görnüşine görä, obanyň golaýyndaky köpçülikleýin mazar mart aýynyň aýagynda peýda boldy.

23-nji martda düşürilen suratda beýle mazarlyk ýokdy we 29-njy martda düşürilen suratda 300 metrden gowrak uzynlykda gazylan çukur görünýär. Onuň gapdalynda garym gazyp biljek tehnikanyň hem şekili görünýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG