Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň başlygy indiki hepde Putin bilen Ukrainadaky uruş barada gürleşer


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geljek hepde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşar diýip, Kreml we BMG-niň metbugat wekili 22-nji aprelde aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow döwlet eýeçiligindäki "Nowosti” habar gullugyna bu duşuşygyň 26-njy aprelde geçiriljekdigini, Guterrişiň ilki Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

"Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem ony kabul eder" diýip, Peskow sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-niň metbugat sekretary Guterrişiň Ukrainada parahatçylygy dikeltmek etmek üçin näme edilip boljakdygy barada gürleşmek isleýändigini aýtdy.

Duşuşyk Russiýanyň ýokary derejeli diplomaty Ukrainadaky söweşleri bes etmek baradaky gepleşikleriň “togtadylandygyny” aýdanyndan soň yglan edildi.

Lawrow metbugat ýygnagynda gepleşikleriň ýatyp galandygyny, sebäbi Russiýanyň takmynan bäş gün ozal ukrain gepleşikçilerine beren teklibiniň "jogapsyz galandygyny” aýtdy.

Putiniň kömekçisi we Russiýanyň esasy gepleşikçisi Wladimir Medinskiý 22-nji aprelde ukrain tarapynyň gepleşik başlygy bilen birnäçe uzyn gepleşik geçirendigi baradaky habarlary tassyk etdi.

Ýöne ol ara alnyp maslahatlaşylan ýa-da ilerleme gazanylan ugurlar barada jikme-jik maglumat bermedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG