Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain häkimiýetleri, ewakuasiýa tagallalary dowam edýärkä, Russiýanyň "Azowstala" hüjüm edýändigini aýdýar


"Azowstal" polat zawodynyň kosmosdan düşürilen suraty.

Sekiz hepdelik urşuň başyndan bäri rus güýçleri tarapyndan berk gabaw astyna alnan, günorta-gündogardaky port şäheri Mariupolda rus güýçleriniň ukrain goragçylarynyň ýerleşýän polat zawodyna edýän hüjümleriniň gerimi artdy diýip, ukrain resmileri aýdýarlar.

"Azowstal" zawodyna hüjüm etmek üçin täze synanyşyk edilendigi baradaky habar, prezident Wladimir Putiniň telewideniýede görkezilen ýygnagynda rus esgerleriniň janyny goramak maksady bilen, rus goşuna Mariupolyň daşyny berk baglamagy buýurmagyndan iki gün soňra gabat geldi.

"Azowstalyň" 2 müň töweregi ukrain söweşijisine gaçybatalga berýändigi we şäheriň galan aglaba böleginiň eýýäm Russiýanyň gözegçiliginde saklaýandygy çaklanýar.

Ukrainanyň prezidentiniň geňeşçisi Oleksiý Arestowiç 23-nji aprelde geçirilen brifingde rus güýçleriniň "Azowstaly" howadan bombalanmak işine täzeden başlandygyny we oňa hüjüm etmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Bu aralykda, ukrain häkimiýetleri parahat ilaty Mariupoldan ewakuasiýa etmäge synanyşýandyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG