Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenskiý ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri bilen Kiýewde duşuşmaga taýýarlanýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken. 19-njy ýanwar. Kiýew ş.

Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli diplomatynyň we goranmak sekretarynyň Russiýa iki aý mundan ozal Ukraina garşy sebäpsiz urşa başlaly bäri, Kiýewe ilkinji sapary amala aşyrmagyna garaşylýar. Bu waka Ukrainanyň gündogarynda güýçli söweşler dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Rus güýçleri Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Mariupol şäherinde esgerleri we parahat ilaty goraýan polat zawodyna hüjüm etmäge synanyşdy we ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we ABŞ-nyň goranmak ministri Lloýd Austin bilen paýtagtda duşuşjakdygyny mälim etdi.

Bu duşuşyk amala aşsa, onda bu, Ýewropa liderleriniň eden birnäçe saparyndan soň, iň ýokary derejeli ABŞ resmileriniň uruş döwründe ukrain paýtagtyna eden ilkinji sapary bolar.

Ak tam Blinkeniň we Austiniň syýahat meýilnamalaryny tassyklamady. Döwlet departamenti we Pentagon bu barada maglumat bermekden saklandy.

23-nji aprelde giçlik gündelik wideo ýüzlenmesinde Zelenskiý "ertir amerikan hyzmatdaşlary bilen möhüm gepleşiklere" taýýarlanýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG