Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken, Ostin sapar wagtynda Ukraina berilýän ABŞ kömeginiň has köpeljekdigini aýdýar


24-nji aprel güni giçlik gelen we derrew Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşan amerikan resmileri Waşingtonyň Kiýewe 165 million dollarlyk ok-däri satjakdygyny aýtdylar.
24-nji aprel güni giçlik gelen we derrew Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşan amerikan resmileri Waşingtonyň Kiýewe 165 million dollarlyk ok-däri satjakdygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we goranmak sekretary Lloýd Ostin Russiýa çozaly bäri ýokary derejeli amerikan wekilleriniň Kiýewe edýän ilkinji saparynda Ukraina üçin göni we gytaklaýyn berilýän harby kömegiň köpeldilip, goşmaça 700 million dollardan gowrak serişde goýberiljegini wada berdiler.

Bu serişdäniň ýarysyna golaýy Ukraina, galan bölegi bolsa NATO agzalarynyň we beýleki sebit ýaranlarynyň arasynda paýlanar.

Mundan başga, 24-nji aprel güni giçlik gelen we derrew Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşan amerikan resmileri Waşingtonyň Kiýewe 165 million dollarlyk ok-däri satjakdygyny aýtdylar.

Ukrainadaky uruş üçünji aýyna girdi we Waşington bu iki resminiň sapara gidendigini diňe olar Ukrainanyň çäginden çykanyndan soň tassyklady.

Gizlinlik bilen gurşalan Kiýew saparyndan soň, Blinken Russiýanyň uruşda tutan maksatlaryna ýetip bilmeýändigini, emma “Ukrainanyň üstünlik gazanýandygyny” aýtdy.

Geçen ýyl prezident Jo Baýdeniň iş möhleti başlaly bäri ABŞ Ukraina 4 milliard dollar töweregi harby kömek iberdi we geçen hepde täze 800 million dollarlyk kömek bukjasyny yglan etdi.

Blinken polýak-ukrain serhediniň golaýynda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, özüniň we Ostiniň Polşadan Ukraina otly bilen gidendiklerini aýtdy.

Ol Kiýew saparynyň "Ukrain hökümetine yzygiderli goldaw berýändigimizi" görkezmek üçin bir pursat bolandygyny aýtdy. Ostin hem Kiýewe edilen saparyň "diýseň netijeli" bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG