Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron prezident saýlawynda Le Penden üstün çykdy, Fransiýany birleşdirmek wadasyny berdi


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron aşa sagçy bäsdeşi Marine Le Peni ýeňlişe sezewar edip, ikinji möhlet üçin ýeňiş gazandy we Ýewropa Bileleşigi üçin syýasy ýer titremesi bolup biljek ýagdaýyň öňüni aldy.

Ýewropa Bileleşigini goldaýan merkezçi bolan Makron, Içeri işler ministrliginiň resmi netijelerine görä, 24-nji aprelde geçirilen ses berişlikde 58,6%, garaşylanyndan has köp ses aldy; Le Pen bolsa 41,4 % ses aldy.

44 ýaşly Makron soňky ýigrimi ýylda 2002-nji ýylda gaýtadan saýlanan Žak Şirakdan soň gaýtadan saýlanan ilkinji iş başyndaky prezident boldy.

Bäsleşikde yza galandygyna garamazdan, 53 ýaşly le Pen saýlawda sesleriň ep-esli bölegini almagynyň özi üçin ýeňiş bolandygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gatnaşýandygy baradaky aýyplamalardan dynjak bolup jan çeken Le Pen öz alan sesiniň fransuz sagçy partiýasy üçin iň ýokary, ‘ýer sarsdyran’ netije bolandygyny nygtap, alyp barýan göreşini dowam etdirmegi wada berdi.

Milletçi liderleriň täze nesliniň döremegi we Angliýanyň bileleşikden çykmagy bilen, Ýewropa Bileleşigi soňky ýyllarda uly sarsgyny başdan geçirýär. Bölünen ilat we iýun aýynda geçiriljek kanun çykaryjylar ses berişliginde parlamentdäki köplügini saklamak ugrundaky göreş bilen ýüzbe-ýüz bolýan Makron fransuzlary birleşdirmegi wada berdi.

XS
SM
MD
LG