Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elon Mask Twitteri 44 milliard dollara satyn alýar


Dünýädäki iň uly baýlygyň eýesi bolan milliarder Elon Mask sosial ulgamda şol bir ada eýe bolan Twitter kompaniýasyny satyn alýar. Agentlikler birinji gün agşam şeýle ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdiler. Muny Twitter korporasiýasynyň özi hem tassyk etdi.

Geleşigiň mukdary takmynan 44 milliard dollar boldy.

Mask özüniň Twitteri satyn alandygy baradaky beýanatynda söz azatlygynyň möhümdigini aýtdy.

Ol öz Twitter hasabynda hatda özüniň iň erbet tankytçylarynyňam Twitterde galmagyna, sosial ulgamdaky hasaplaryny öçürmezligine umyt baglaýandygyny, sebäbi söz azatlygynyň manysynyň şuny aňladýandygyny ýazdy.

4-nji aprelde Maskyň Twitteriň 9,2% paýyny (aksiýasyny) satyn alandygy we sosial ulgamyň iň uly paýdaryna öwrülendigi mälim boldy. Şondan soň sosial ulgamyň paýlary 9,2% ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG