Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýaty Türkiýedäki iş berijisinden 12,200 dollar möçberinde kompensasiýa aldy


Stambul. Köçede iş berijä garaşýan zähmet migrantlary
Stambul. Köçede iş berijä garaşýan zähmet migrantlary

Iki ýyllap dowam eden kazyýet işinden soň, Türkmenistanyň raýaty bejergi, wagtlaýyn maýyplyk we kanuny çykdajylary üçin, Türkiýedäki iş berijisinden özüne kanun esasynda düşýän öwez puluny almagy başardy diýip, "Türkmenistanyň hronikasy" habar berýär.

Neşir 2020-nji ýylyň martynda hyzmatçy bolup işleýän hojalygynyň jaýynda basgançakdan ýykylyp, döwlet hassahanasynda döwük-ýenjik bejergisini alan we bir ýarym ýyllap işe ýaramadyk türkmenistanlynyň anyk maglumatlaryny, redaksiýanyň özünde bardygyny aýdyp, okyjylaryna aýtmaýar.

Iş beriji onuň bejergi puluny tölemekden boýun gaçyrýar. Kazyýet diňlenişiginde onuň, medisina ätiýaçlandyryşyny tölemezlik üçin, işgäri kanuny hasaba almandygy mälim bolýar.

Stambulyň Bakirkoý etrabynda golaýda geçirilen dilenişikde kazyýet günäkärlenýäniň ejir çekeniň hasabyna 180 000 türk lirasyny (takmynan 12,200 dollar) tölemegi barada karar çykardy diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda giň ýaýran işsizlik zerarly Türkiýede gazanç etmäge mejbur bolýan türkmenistanlylaryň köpüsi dürli sebäpler esasynda bikanun duruma düşýärler we agyr şertlerde, iň az töleg üçin hem işlemäge razy bolýarlar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen zähmet migrantlarynyň birnäçesiniň biri-birinden harbarsyz tassyklamagyna görä, olaryň bu ýagdaýyndan peýdalanjak bolýan iş berijiler-de, türkmenistanly resmiler-de bar, emma olaryň köpüsi, kanunlary we ýerli dili gowy bilmeýändikleri üçin, kanun esasynda öz haklaryny almaga synanyşmakdan çekinýärler.

XS
SM
MD
LG