Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Guterrişe şindem Ukraina bilen ylalaşmaga umytlydygyny aýtdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen gepleşýär. Moskwa, 26-njy aprel, 2022.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen gepleşýär. Moskwa, 26-njy aprel, 2022.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 26-njy aprelde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişe Ukrainadaky konflikti bes etmek üçin gepleşiklere umyt baglaýandygyny aýtdy.

Moskwadaky duşuşyk ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň Germaniýada Ukraina ýarag ibermek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşýan wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de, Guterreşiň Putin bilen duşuşygy, gündogar Ukrainadaky söweşleriň dowam etmeginiň gapdalyndan, Moldowanyň Transdniester sebitiniň tapgyr ikinji gün partlamalardan sarsan wagtyna hem-de Kremliň 27-nji aprelden Polşa we Bolgariýa iberýän tebigy gazyny kesýändigini aýdan gününe gabat geldi.

Putin Guterrişe, harby operasiýanyň dowam edýändigine garamazdan, "biz şindem diplomatik ýol bilen ylalaşyk gazanyp biljekdigimize umyt edýäris" diýdi.

Putin rus we ukrain gepleşikçileriniň geçen aý Stambulda geçiren gepleşiklerinde "çynlakaý ilerleme" edendigini aýtdy.

Emma ol bu tagallalaryň Kiýewiň etegindäki Buça şäherinde rus güýçleriniň eden-etdilikleri barada aýdylan zatlar sebäpli puja çykandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de Putin BMG-niň we Gyzyl haç komitetiniň Ukrainanyň Mariupoldaky “Azowstal” zawodynda gabalyp galan parahat ilaty ewakuasiýa etmek işine gatnaşmagy bilen "prinsipde" ylalaşdy diýip, BMG-niň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG