Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy Russiýany çetleşdirmek üçin ses berýär


BMGBSG-nyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy (BMGBSG), Ukraina goşun çekmegi sebäpli, Russiýany guramadan çetleşdirmek baradaky teklibi sese goýdy.

BMGBSG-nyň 160 agza döwletiniň köpüsi syýahatçylyk guramasynyň 27-nji aprelde geçirilen adatdan daşary Baş Assambleýasynda bu karara goldaw bildirdi diýip, düýbi Madridde ýerleşýän guramanyň metbugat sekretary aýtdy.

Bu teklibiň goldaw tapmagy üçin agza döwletleriň üçden ikisiniň ses bermegi gerekdi.

Metbugat wekili bu teklibi näçe agzanyň goldaýandygyny takyk aýtmady. Özüniň guramadan çetleşdirilmegine garaşan Russiýa ýygnanyşygyň başynda bu guramadan çekilýändigini yglan etdi.

BMGBSG-nyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili agentligiň düzgünnamasynyň örän aýdyňdygyny -“Syýahatçylygy parahatçylyk we adam hukuklaryna ählumumy hormat goýmak üçin ilerletmek” bolup durýandygyny aýtdy.

“Diňe şu düzgüne boýun egýän agzalar BMGBSG agzasy bolup biler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi ‘syýasy äheňli karar’ atlandyrmak bilen, ony bikanun hasaplaýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG