Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Kongresi Ukraina kömek bermek boýunça ‘lend-liz’ kanun taslamasyny tassyklady


Prezident Lelenski ABŞ Kongresiniň öňünde çykyş edýär

ABŞ Kongresiniň Wekiller palatasy dördünji güni Ukraina üçin karz, ýagny ‘lend-liz’ baradaky kanun taslamasyny makullady. Bu kanun taslamasy Ukrainany ABŞ-dan iberilýän ýaraglar bilen wagtynda üpjün etmegiň düzgünlerini düýpli aňsatlaşdyrmak üçin işlenip düzüldi.

Bu resminama Kongresiň iki partiýasyndan bolan 417 agza goldaw bildirdi, oňa diňe 10 agza garşy boldy.

Senat bu kanun taslamasyny eýýäm tassyklady, indi oňa prezident Jo Baýdeniň gol çekmegi gerek.

Bu resminama Birleşen Ştatlaryň Ukraina we Gündogar Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna 2023-nji ýyla çenli iberjek ýaraglaryny göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde, Ukraina ýarag üpjünçiligi üçin öňünden töleg tölemeli bolmaz.

“Lend-liz” ýa-da “karz-kärende” söz düzümi esasynda başga bir ýurda berilýän kömek mundan ozal taryhda birinji we ýeke gezek Ikinji jahan urşy döwründe ulanyldy.

Şonda amerikan harby kömekleri nasistik Germaniýa bilen uruşýan ýurtlara, ilkinji nobatda hem Angliýa we SSSR-e iberildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG