Russiýanyň Ukraina garşy başladan urşyny bes etmek boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegi sorag astynda bolmagynda galýar. Ukrainanyň prezidenti rus esgerleriniň amal edendigi aýdylýan wagşyçylyklary sebäpli ilat arasyndaky dörän gahar-gazabyň netijesinde, parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegiň agyrdygyny aýtdy. Russiýanyň daşary işler ministri bolsa, gepleşikler üçin Günbataryň sanksiýalarynyň aýrylmagynyň şert bolup durýandygyny belledi.
30-njy aprelde Ukrainanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän ýurduň iň iri ikinji uly şäheri Harkowa garşy artilleriýa toplarynyň atylandygy barada maglumatlar gowuşýar.
Bu aralykda, ýurduň günorta-gündogaryndaky daşy gabalan port şäheri Mariupolyň parahat ilatyny ewakuasiýa etmek boýunça umytlar hem azalýar.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 29-njy aprelde telewideniýe arkaly halka eden ýüzlenmesinde, Kiýewiň güýçleriniň Donbas sebitinde ilerlemeleri gazanmagy başarandygyny mälim etdi.
Zelenski Mariupolyň “harabaçylygyň arasyndaky konsentrasiýa lagerine” öwrülendigini aýtdy.
Ukrainanyň we Russiýanyň wekilleri bir aý çemesi wagt bäri ýüzbe-ýüz duşuşmadylar.