Indoneziýa ukrain prezidenti Woldomyr Zelenskiýi noýabrda geçirilmeli ykdysady taýdan ösen döwletleriň G-20 toparynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada 29-njy aprelde prezident Joko Widodo mälim etdi.
Mundan öň, sammite rus prezidenti Wladimir Putin gatnaşjakdygyny tassyklady.
Günbatar döwletleri, Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyndan soň, Indoneziýa G-20 toparyna agza Russiýany çagyrylanlaryň sanawyndan çykarmagy boýunça basyş etdiler. Emma Jakarta özüniň “tarapsyz” durmalydygyny aýdýar.
Indoneziýanyň lideri Putiniň Balide geçjek sammite gatnaşjakdygyny tassyklandygyny aýtdy.
ABŞ Indoneziýanyň bu beýanatyna jogap edip, dünýäniň Russiýa bilen çozuşyndan ozalky ýagdaýdaky tertipde gatnaşyk saklap bilmejekdigini aýtdy.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok