Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

9-njy maýda Moskwada geçiriljek paradda geçen ýyldan has az tehnika we adam gatnaşar


Paradyň repetisiýasy. Moskwa, 2022-nji ýylyň apreli
Paradyň repetisiýasy. Moskwa, 2022-nji ýylyň apreli

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, 2022-nji ýylyň 9-njy maýynda Moskwada geçiriljek harby parada bir ýyl ozalkydan has az adam we enjam gatnaşar.

Şeýlelik bilen, paradda 129 ulag geçer. 2021-nji ýylda olaryň sany 191-di.

Parada gyzyl meýdançadan ýöräp geçjek adamlaryň sany 10 müň bolup, olaryň hataryna gazaklar, ýaşlar harby toparynyň agzalary we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri girer. Bu 2021-nji ýyldakydan iki müň adam az.

Paradyň diňe awiasiýa bölegi has uly bolar, geçen ýylkysyndan artykmaç bir uçar gatnaşar. Jemi paradda tomaşaçylar 77 uçar we dikuçar görerler.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende tehnikanyň dürlüligi hem az bolar. Parad wagtynda T-80BVM tanklary, 2S35 Koalitsiya-SV öz-özi hereket edýän artilleriýa duralgalary, TOS-1A "Solntsepek" agyr ýangyç ulgamlary, Pantsir-S uçarlara garşy toplumlary we ähli "Rosgwardianyň" ähli ulaglary gatnaşmaz.

Bu enjamlaryň bir bölegi, Ukrainadaky söweşlerde göründi.

29-njy aprelde Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow daşary ýurt liderleriniň şu ýyl geçiriljek harby parada gatnaşmajakdygyny aýtdy. Kreml hiç kimi çagyrmady, sebäbi "ýubileý ýyly däldigi" aýtdy. Belarusyň lideri Aleksandr Lukaşenkonyň hem parada gatnaşmagy planlaşdyrmaýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG