Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň gündogarynda hüjüm dowam edýärkä, Russiýa Odesa howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyny bombalady


Mariupol

Russiýanyň raketa hüjümi, 30-njy aprelde Ukrainanyň üçünji uly şäheri we Gara deňziň esasy porty bolan Odesa howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyny weýran etdi.

Ukrainanyň prezidenti rus goşunlary tarapyndan edilen wagşyçylyklar sebäpli halkyň gahar-gazabynyň arasynda parahatçylygy ara alyp maslahatlaşmagyň kyndygyny aýtdy. Russiýanyň daşary işler ministri Günbataryň sanksiýalarynyň we ýarag iberilmeginiň gepleşiklere päsgelçilik döredýändigini öňe sürdi.

Ukrainanyň we rus resmileriniň bu sözleri Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky hüjümini dowam etdirýän mahaly, gabalan günorta-gündogar Ukrainanyň port şäheri Mariupoldan käbir parahat ilatyň ewakuasiýa edilip bilinjekdigi baradaky habarlar peýda boldy.

Ukrainanyň "Günorta" operasiýa komandasy 30-njy aprelde giçlik raketa hüjümi netijesinde Odesanyň uçuş-gonuş zolagyny ulanyp bolmajakdygyny aýtdy.

Odesanyň sebit häkimi bu raketanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krymdan atylandygyny aýtdy. Maksym Marçenko ýaralananlaryň ýokdugyny aýtdy.

Kiýewiň sebit polisiýa güýçleriniň başlygynyň 30-njy aprelde beren habaryna görä, Kiýew etegindäki Buçada ýene bir köpçülikleýin mazar tapylypdyr.

Kiýew sebitiniň polisiýasynyň habaryna görä, Buçanyň golaýynda - Mirotskoe obasynyň golaýyndaky tokaýda tapylan täze mazarda elleri baglanan we gözleri daňylan üç adamyň jesedi bardy.

Sebit polisiýasynyň başlygy Andreý Nebitowyň belleýşi ýaly, ölenleriň jesetlerinde gynamalaryň yzlary tapyldy. Olar gulagyna ok atylyp öldürilipdir. Olaryň şahsyýetleri kesgitlenýär. Merhumlaryň gömülen wagtyndan we başga-da birnäçe ýagdaýdan çen tutulsa, bu adamlar Kiýewiň golaýynda rus goşunlary tarapyndan öldürilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG