Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan Owganystandan getirilen uçarlary yzyna gaýtarmakdan ýüz öwürýär


Owganystandan gelen uçarlar aslynda ABŞ-nyň emlägi bolansoň, özbek häkimiýetleri ol harby uçarlary "Talybana" gowşurmagy meýilleşdirmeýär diýip, Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismatulla Irgaşew "Amerikanyň sesine" beren interwýusynda aýtdy.

Ýatladýarys, “Talyban” şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistandan we Täjigistandan 40 dikuçaryň yzyna gaýtarylmagyny talap etdi.

"Talybanyň" Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Inoýatulla Horezmi "iki ýurduň hökümetine (Özbegistan we Täjigistan) dikuçarlary Owganystanyň häzirki hökümetine gaýtaryp bermek barada ençeme gezek ýüz tutulandygyny" aýtdy.

Bu ýerde gürrüň 22 sany uçar we 24 dikuçar barada barýar, “Talyban” hereketi häkimiýet başyna gelenden soň, owgan harbylary awgust aýynda ol uçarlary alyp, Özbegistana gaçdy. Owganyhstanyň 18 uçary bolsa Täjigistana äkidildi.

Ismatulla Irgaşew bu uçarlar üçin tölegi ABŞ hökümetiniň töländigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG