Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus syýasatçysynyň tussag edilmegi bilen bagly 25 gurama BMG-niň Baş sekretaryna ýüz tutdy


 Wladimir Kara-Murza
Wladimir Kara-Murza

Adam hukuklaryny goraýan halkara hukuk toparlarynyň 25-si BMG-niň Baş sekretary António Guterrişe we BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçelete rus oppozisiýa syýasatçysy Wladimir Kara-Murzanyň tussag edilmegini ýazgarmak, şeýle-de onuň Ukrainadaky urşa garşy protest bildirendiikleri sebäpli saklanan we tussag edilen beýleki adamlaryň ählisi bilen bilelikde derrew azat edilmegini talap etmek çagyryşy bilen ýüzlendi.

“Kara-Murza garşy bildirilýän aýyplamalar ýalan we diňe Russiýanyň içinde başgaça pikirlenýän adamlary dymmaga mejbur etmäge gönükdirilen. Olar Putin režimiminiň hakykatyň öňündäki gorky-howatyryny şöhlelendirýär” diýip, hukuk goraýjy toparlaryň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Bu ýüzlenmä gol çeken toparlaryň arasynda hususan-da “United Nations Watch” we “Human Rights Foundation” ýaly iri guramalaryň wekilleri hem bar.

Kara-Murza, geçen aýyň aýagynda gozgalan jenaýat işinde aýdylmagyna görä, syýasy ýigrenç sebäpli, rus goşunyna garşy galp maglumatlary ýaýratmakda aýyplanýar.

Eger-de günäli tapylsa, bu jenaýat maddasy esasynda oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Kara-Murza häzir deslapky tussaghanada saklanylýar.

XS
SM
MD
LG