Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainadaky uruş žurnalistika agyr täsir edýär, Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy


Bezeg suraty

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy sebitdäki metbugat azatlygy üçin ýykgynçylykyly netijeleri döredýär diýip, Serhetsiz habarçylar (RSF) guramasy 3-nji maýda ýyllyk Bütindünýä metbugat azatlygy indeksini yglan edende aýtdy.

Düýbi Parižde ýerleşýän we dünýäde metbugat azatlygyna gözegçilik edýän gurama žurnalistleriň uruş habarlaryny taýýarlaýan wagtlarynda öldürilendigini, ýaralanandygyny we bu sebitde Sowet döwründen bäri görülmedik senzuranyň, köpçülikleýin dezinformasiýanyň kada öwrülendigini aýtdy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Russiýa 2022-nji ýylyň metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 155-nji orny alsa, Ukrainadaky uruş barada düýpden maglumat bermeýän Türkmenistan, metbugata doly döwlet gözegçiligini saklap galmak bilen, 177-nji orny eýeledi.

Sebitdäki ýurtlar bilen deňeşdirmek üçin aýdylsa, metbugat azatlygy indeksinde bu ýyl Gazagystan 122-nji, Özbegistan - 133-nji, Täjigistan - 152-nji orunlary aldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy ýeri - 72-nji orny Gyrgyzystan eýeleýär.

XS
SM
MD
LG