Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz Belarusyň ilkinji lideri Stanislaw Şuşkewiç 87 ýaşynda aradan çykdy


Stanislaw Şuşkewiç kollažy

Garaşsyz Belarusyň ilkinji lideri Stanislaw Şuşkewiç COVID-19 sebäpli dörän saglyk kynçylyklaryndan aradan çykdy.

Şuşkewiçiň ölümini onuň aýaly Irina Telegramda habar berdi. Belarusyň Ýokary geňeşiniň öňki başlygy Şuşkewiç koronawirusyň omikron görnüşi boýunça oňyn netije görkezeninden soň bejergi almaga başlady diýip, Irina Şuşkewiç 24-nji aprelde aýtdy.

Şuşkewiç Russiýanyň we Ukrainanyň şol wagtky prezidentleri Boris Ýeltsin we Leonid Krawçuk dagy bilen bilelikde 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Sowet Soýuzynyň dargamagy barada Belarusda Belaweža şertnamasyna gol çekdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG