Moskwanyň bir kazyýeti, Russiýa iki aý gowrak mundan ozal Ukraina garşy esassyz çozuşa girizeli bäri ýurtda özge pikirlilige garşy güýçlenýän basyp ýatyrmalaryň arasynda, Russiýanyň iň tanymal TW žurnalistleriniň biri bolan Kreml tankytçysy Aleksandr Newzorowyň tussag edilmegi barada gaýybana buýruk berdi.
Moskwanyň Basmanny etrap kazyýeti 6-njy maýda Newzorow Russiýa dolansa, onuň iki aý möhlet bilen tussag edilmegini buýruk berdi.
Ysraýyldadygyna ynanylýan Newzorow özüne bildirilýän aýyplamalary ret etdi. Onuň ady Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň gözlenýänler sanawynda 4-nji maýda peýda boldy.
Ministrlige görä, öňki kanun çykaryjy “Russiýanyň ýaragly güýçleri barada ýalan maglumat ýaýratmakda” güman edilýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.