Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden Kongresi Ukraina beriljek 33 milliard dollarlyk goşmaça kömegi tassyklamaga çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukrainanyň rus güýçleriniň esassyz çozuşyna garşy durmagy üçin berilýän kömegiň çäginde täze ýardam bukjasynyň berilmegini buýrandygyny aýtdy. Baýden 6-njy maýda bu kömegiň artilleriýa toplary we radar ulgamlary üçin zerur bolan maliýe serişdelerinden ybaratdygyny aýtdy.

Baýdeniň beýanatynda beriljek kömegiň mukdary görkezmedi, ýöne bir ABŞ resmisi munuň 150 million dollar boljakdygyny aýtdy. Täze kömek 25,000 artilleriýa topuna, garşylykly artilleriýa radarlaryna, päsgel beriş enjamlaryna, meýdan enjamlaryna we ätiýaçlyk şaýlaryna harçlanjak serişdeleri öz içine alar diýip, amerikan resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýden öz administrasiýasynyň häzir Kongresiň mart aýynda Ukraina üçin goýberen serişdelerini "tasdan tükedendigini" aýtdy we kanun çykaryjylary sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýetjek 33 milliard dollarlyk goşmaça çykdajy bukjasyny çaltrak tassyklamaga çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG