Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NBC: Baýden aňtaw gulluklarynyň metbugata habar syzdyrmazlygyny soraýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden aňtaw gulluklarynyň Ukraina bilen bagly maglumatlaryň alyş-çalyşlary barada habar beriş serişdelerine maglumat syzdyrmagyny bes etmelidigini aýdýar.

NBC bu maglumaty çeşmelere salgylanyp habar berdi. Çeşmeleriň sözlerine görä, ABŞ-nyň prezidenti bu talaby Merkezi aňtaw gullugynyň müdirleri we milli aňtaw gullugynyň, şeýle-de Goranmak departamentiniň başlygy bilen eden telefon söhbetdeşliginde öňe sürdi.

Baýdeniň pikiriçe, syzdyrylan maglumatlar göz öňünde tutulan işlerden ünsi sowýar we olaryň köpçülikleýin habar serişdelerinde peýda bolmagy ters netije berýär diýip, NBC-niň söhbetdeşleri aýdýar.

Maý aýynda Amerikanyň birnäçe habar serişdesi, çeşmelere salgylanyp, Waşingtonyň Kiýew bilen maglumat alyşmagy netijesinde, ukrain goşunlarynyň aprel aýynda Russiýanyň “Moskwa” raketa gämisine zarba urandygyny habar berdi.

“The New York Times” gazeri bolsa, ABŞ maglumatlarynyň kömegi netijesinde, ukrain goşunynyň birnäçe rus generalyny öldürip bilendigini habar berdi. Pentagon bu maglumatlary ret etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow metbugatda çap edilýän neşirler barada pikirini aýdýanda, maglumat we ýarag bilen üpjün edilmeginiň "operasiýanyň çalt tamamlanmagyna ýardam bermeýändigini”, ýöne Russiýanyň öňde goýan maksatlaryna ýetilmegine päsgel hem bermeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG