Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti raýatlary 9-njy maý, Ýeňiş baýramy bilen gutlady


Arhiw suraty
Arhiw suraty

“1941-1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup, faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň netijesinde millionlarça ynsan bu nägehan urşuň pidasy boldy” diýip, Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy maý güni çap edilen gutlagynda aýdylýar.

Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy. Merdana watandaşlarymyz geljekki nesilleriň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, batyrlygyň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezip, Gahryman adyna mynasyp boldular, ordendir medallar bilen sylaglandylar diýip, gutlagda tylda çekilen “tutanýerli we gaýratly zähmet” hem ýatlanyp geçilýär.

Mundan başga, gutlagda Türkmenistanyň gelin-gyzlarynyň Goranmak gaznasyna köp mukdarda gymmatly şaý-sep tabşyrandygy bellenilýär.

9-njy maýda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri "Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül çemenlerini goýup, uruşdan gaýdyp gelmedik türkmenistanlylaryň hatyrasyny tutarlar, uruş weteranlaryna prezidentiň adyndan pul sowgatlary we gymmat bahaly ýadygärlikler gowşurular diýip, resmi metbugatda öňünden habar berildi.

Gutlagda şu güne çenli ýaşap ýören uruş weteranlarynyň sany aýdylmaýar.

Russiýanyň "Nowosti" habar gullugynyň habaryna görä, şu gün Aşgabatda guralan "Ölmez-ýitmez polk" ýörişine A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň onlarça okuwçysy gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG