Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýanyň TW gepleşiklerine, hasap hyzmatlaryna gadaganlyk girizýär


Ýediler toparynyň (G7) ýolbaşçylary Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen wirtual ýagdaýda duşuşdy.

Ýediler toparynyň (G7) ýolbaşçylary Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen wirtual ýagdaýda duşuşyp, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny ara alyp maslahatlaşandan soň, Birleşen Ştatlar Russiýanyň üç sany teleýaýlymyna we “Gazprombankyň” ýolbaşçylaryna, amerikanlaryň ruslara buhgalter hasabatyny we maslahat-geňeş hyzmatlaryny bwermegine garşy girizýän sanksiýalaryny yglan etdi.

“Birinji kanala”, “Russiýa-1” we NTV kanallaryna garşy girizilen sanksiýalar ABŞ-nyň islendik kompaniýasynyň olara enjam satmagyny-da, bu kanallary mahabat arkaly maliýeleşdirmegini hem gadagan edýär.

Ak tamyň ýokary derejeli resmisi bu sanksiýalar barada žurnalistler bilen eden söhbetdeşliginde ABŞ kompaniýalarynyň "rus propagandasyny maliýeleşdirmek bilen meşgullanmaly däldigini" aýtdy.

G7 liderleri duşuşykdan soň eden çykyşlarynda Zelenskini dowamly goldaw beriljekdigine ýene bir gezek "ynandyrandyklaryny" aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG