Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German we golland ministrleri Ukraina garaşylmadyk sapara geldi


Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok  Buca baryp gördi.
Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok  Buca baryp gördi.

Germaniýanyň we Gollandiýanyň daşary işler ministrleri Ukraina duýdansyz sapara gelip, Kiýewiň etegindäki Buça we Irpine baryp gördüler.

Bu ýerde bolan rus goşunlary geçen aý yza çekilmezlerinden öň uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplanýar.

Annalena Baerbogyň 10-njy maýdaky sapary Russiýa fewral aýynyň aýagynda Ukraina garşy esassyz hüjüme başlaly bäri german ministri tarapyndan Kiýewe edilen ilkinji sapar boldy.

Onuň gollandiýaly kärdeşi Wopke Hoekstra hem Kivewe sapara geldi, olar şu gün Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen duşuşar.

Rus güýçleriniň Buçadan we Kiýewiň golaýyndaky beýleki şäherlerden yza çekilmegi hiç bir sebäpsiz atylyp öldürilen asuda adamlar, gynalan we köpçülikleýin ýagdaýda jaýlanan adamlar baradaky hakykatyň üstüni açdy.

Bu ýagdaý birnäçe ýurduň, şol sanda BMG-niň we Halkara Jenaýat kazyýetiniň derňew geçirilmegine hem-de uruş jenaýatlaryny amala aşyran adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi barada çagryş etmegine sebäp boldy.

Ukrain polisiýasy Buçada öldürilen parahat adamlaryň aglabasynyň ok ýarasyndan ölendigini habar berdi. Olaryň aýtmaklaryna görä, pida bolanlaryň käbiriniň elleri arkalaryna daňylgy eken.

Baerbok pidalaryň adalat algysynyň bardygyny aýtdy.

"Bu ýerde pida bolanlar biz hem bolup bilerdik" diýip, ol Ukrainanyň baş prokurory bilen şähere aýlanandan soň aýtdy.

Hoekstra Kiýewiň golaýyndaky Irpiniň köçelerinde aýlanyp, Baerbogyň uruş jenaýatlarynyň doly derňelmegi barada aýdan sözlerine ses goşdy.

Rus häkimiýetleri öz goşunlarynyň Buçada asuda ilata eden sütemleri barada aýdylýanlary ret etdiler.

XS
SM
MD
LG