Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski Russiýany “Azowstal” boýunça islendik teklibi ret etmekde aýyplady


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, 10-njy maý, Kiýew.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýany Mariupoldaky “Azowstal” zawodynyň çäginde söweşýän ukrain esgerlerini ol ýerden çykarmak barada edilen teklipleri ret etmekde aýyplady.

"Biz olary halas ediş işini guramak üçin mümkin bolan diplomatik gurallaryň ählisini ulanýarys. Emma Russiýa häzirlikçe teklip edilen köp sanly çykalgalaryň hiç birine razylyk bermeýär” diýip, Ukrainanyň prezidenti ikinji gün Maltanyň parlamentine ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy.

Zelenski Mariupoly gabawdan çykarmak üçin zerur bolan ýaraglaryň häzirlikçe Ukrainada ýokdugyny aýtdy diýip, “Nemes tolkuny” habar berýär.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk 10-njy maýda “Azowstal” zawodynyň çäginde müňden gowrak ukrain harbysynyň bardygyny aýtdy.

Bu zawod Mariupoly goraýjylaryň iki aýdan gowrak dowam eden we şäheriň tasdan doly weýran edilmegine getiren güýçli topa tutmalardan soň galan iň soňky berkitme nokady bolup durýar.

"Olaryň arasynda ýüzlerçe ýaraly bar, käbiriniň ýagdaýy agyr we bu adamlaryň gyssagly ewakuasiýa edilmegi zerur. Ýagdaý günsaýyn erbetleşýär" diýip, Irina Wereşçuk AFP habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG