Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainada kompressor stansiýalarynyň biri basylyp alnandan soň kesilen gaz akymy dikeldildi


11-nji mart, 2022. Belgiýadaky proteste gatnaşyjy

Russiýanyň "Gazprom" konserni 11-nji maýda Ukraina bilen 72 million kub metr gaz geçirmek barada ylalaşyga geldi.

Ukrainanyň gaz geçiriji ulgamynyň operatory bir gün öň Russiýa tarapdat separatistler tarapyndan ele salnan kompressor stansiýalarynyň birinden gaz geçirmegi bes etjekdigini aýtdy. Russiýanyň döwlet korporasiýasy gazyň başga bir ugurdan iberilendigini aýtdy.

“Interfaksyň” habaryna görä, “Gazprom” we Ukrainanyň GTS-i 11-nji maýda tranzitiň Ukrainanyň gözegçiliginde galýan “Sudža” gaz stansiýasynyň üstünden geçirilmeginiň dowam etdirilmegi barada ylalaşyga geldiler.

Basylyp alnan “Sohranowka” gaz ölçegi stansiýasynyň üstünden geçirilýän gaz togtadyldy.

“Gazprom” bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Ukraina günde 109 million kub metre çenli gaz geçirip bilýär. Ikinji gün “Sudžanyň” we “Sohranowkanyň” üstünden 88,2 million kub metr gaz geçirilmelidi. Şu aýda üstaşyr geçirilen gazyň iň ýokary derejesi 2-nji maýda - 98,9 million kub metr boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG