Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Hukuk geňeşi Ukrainadaky hukuk bozulmalary derňemek üçin ses berdi


Buçada azyndan 400 adamyň öldürilendigi aýdylýar.
Buçada azyndan 400 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi 12-nji maýda rus goşunlarynyň wagtlaýyn gözegçiliginde bolan ýerlerde edilendigi aýdylýan hyýanatçylyklar baradaky aýyplamalary derňemäge çagyrýan rezolýusiýany sesleriň aglaba köplüginde tassyk etdi.

Bu karary 33 agza goldady, emma iki ýurt - Hytaý we Eritreýa diýilýän jenaýatlaryň derňelmegi baradaky karara garşy çykdy.

Ženewada ýerleşýän geňeşiň gurnan ses berişligine 12 ýurt ses bermäge gatnaşmady.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň karary BMG toparynyň wakanyň bolan ýerinde resmileşdiren wagşyçylykly hadysalaryna, görnetin gynamalar, atyp öldürmeler we jynsy zorluklar baradaky delillere esaslanýar.

Adam hukuklary geňeşi Kiýew sebitinde, rus goşunlarynyň yza çekilen ýerlerinden müňlerçe adamyň jesetleriniň tapylandygyny aýtdy. Geňeş bu hadysanyň uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirilip bilinjekdigini belledi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçelet ses berişlikden öň Ukrainanyň Kiýew sebitinde aprel aýynyň birinji ýarymynda, rus güýçleriniň yza çekilen ýerlerinden müňlerçe adamyň jesetleriniň tapylandygyny we munuň uruş jenaýatlaryna subutnama bolup biljekdigini aýtdy.

"Kiýewiň demirgazygyndaky ýerlerde adamlaryň köpçülikleýin, şol sanda jezalandyrylyp öldürilmeginiň gerimi haýran galdyrýar” diýip, Baçelet aýtdy.

Geňeş rus goşunynyň Kiýew sebitindäki käbir şäherleri we obalary basyp alan wagtynda bolan wakalar baradaky halkara derňewini maslahatlaşdy.

2-nji aprelde Kiýew sebiti rus basyp alyşyndan azat edileninden soň bu ýerdäki birnäçe şäherde we obada asuda adamlaryň jesetleri tapyldy. Buçada azyndan 400 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Moskwa Ukrainada asuda adamlaryň öldürilmegi we rus goşunynyň raýat infrastrukturasyny weýran etmegi bilen bagly bildirilýän aýyplamalary ret etdi.

Şu aralykda, rus goşunynyň parahat adamlary köpçülikleýin öldürendigini görkezýän hemra suratlary we wideo ýazgylary peýda boldy.

XS
SM
MD
LG